Kiçi we orta göwrümli guramalar üçin resmi internet saýdyny döretmek hyzmadyny hödürleýäris

«Asman Oky» HJ döwrebap web sahypalary bilen siziň alyp barýan işiňizi kämillige tarap beýgeltmek üçin size hyzmatdaşlyk teklip edýär. Biziň professional toparymyz siziň web saýtyňyzy dogry dizaýn we mazmun bilen taýýarlamaga, ony siziň müşderileriňize dogry seslenip biljek derejede ýasamaga we ýerleşdirmäge ýardam berýär. Müşderileriňiziň haýsy hyzmat we harytlaryňyz barada gyzyklanýandygyny anyklamak siziň alyp barýan işiňiziň strategiýasyny taýýarlamaga we döwrebaplaşdyrmaga möhüm maglumat bolup hyzmat edýär.

Web sahypaňyz üçin dogry domain salgysyny almak, taýýarlanan we sahypany serwerlere ýerleşdirmek we sazlamak, web domain salgyňyza bagly e-mail salgylaryny işgärleriňize gurnap bermek biziň berýän hyzmatlarymyzyň çäginde. Halkara, ýerli hyzmatdaşlaryňyza, müşderileriňize dogry targeting gurnamak üçin maglumatlaryň terjime hyzmatlaryny we gözleg motorlarynda öňdäki orunlarda çykmagy üçin internet saýtyň SEO işlerini hödürleýäris.

PDF Internet saýt hyzmaty 200 kB
PDF Biz barada 180 kB
PDF Taslamalarymyz 17 MB
Maglumatlar tehnologiýasy ugrunda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdik

Ýerli hünärmenlerimiz we daşary ýurt hyzmatdaş kompaniýalarymyz bilen bilelikde, maglumatlar tehnologiýasy degişli ençeme taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik. Biziň toparymyz tarapyndan ýerine ýetirilen kiçi we iri göwrümli taslamalarymyzyň üstünlikli hasaplanmagynyň esasy syry bolsa, taýýarlanan ulgamlar boýunça hemişe dolandyrmak we tehniki tarapdan berýän hyzmatymyz bilen baglanyşdyrýarys.

Bize ýüz tutan müşderiniň talaplary we islegleri doly seljerilenden soňra, dizaýn we tehniki toparymyz işi doly, durnukly we dogry çözmek üçin işläp başlaýarlar. Taslamany wagtynda birkemsiz durmuşa geçirmek üçin müşderilerimiz bilen utgaşykly maslahatlaryň netijesinde işimizi ýöredýäris.

80

Üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar

105K

Her gün ulgamlarymyzdan peýdalanýan ulanyjy

30

Öz işine ussat ýerli hünärmenlerimiz

10

Bu ugurda 10 ýyldan köp tejribämiz bar

Internet saýdynyň taslamasyny döretmekden daşary, hödürleýän goşmaça hyzmatlarymyz

Domain

Siziň alyp barýan işiňizi we brendiňizi dogry tanatmaga ukyply, .COM, .NET, .TM, .CO domain salgylaryny registrasiýa etmek.

Hosting

Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtda ýerleşýän serweriňize, taýýarlanan web saýtlary hostinge gurnamak işlerini hödürleýäris.

SSL Sertifikat

Bu sertifikat internet saýdynyň howpsuzlugyny üpjün edýän we serwer bilen ulanyjynyň arasyndaky baglanyşygy goraýan sertifikatdyr.

E-mail

Resmi we müşderileriňiz bilen araňyzda e-mail arkaly ýazyşmalaryňyzy domain salgyňyza birikdirilen e-mail salgysy bilen amala aşyrmak size ynam we professionallyk gazandyrýar.

Analitikalar

Web sahypa nähili adamlaryň haýsy ýol bilen gelýändigi we siziň sahypaňyzda nämeler bilen gyzyklanýandygy baradaky analitikalar size möhüm maglumat bolup ýardam berer.

Google SEO

Siziň saýtyňyzyň gözleg matorlary tarapyndan doly we dogry tanalmagyny üpjün etjek sazlamalarymyz Google gözleglerinde siziň ýeňillik bilen tapylmagyňyzy üpjün eder.

Guramaňyzyň alyp barýan işini internetde dogry tanatmak

Maglumat taýýarlamak

Işine ussat hünärmenlerimiz siziň müşderilere hödürlemek isleýän maglumatyňyzy sizden öwrenenden soňra dogry tekstler bilen taýýarlaýarlar we dizaýn edýärler

Birnäçe dile terjime etmek

Taýýarlanan mazmun siziň halkara hyzmatdaşlaryňyza hem düşünükli bolmagyny üpjin etmek üçin terjime edilýär we web saýta ýerleşdirilýär.

Internet saýtda ýerleşdirmek

Taýýarlanan mazmunlar we ýerine ýetirilen dizaýnlar web saýtyny taýýarlaýan programmistler tarapyndan serwere ýüklemäge taýýar edilenden soňra ýerleşdirmek işleri başlaýar.

Suratlara düşürmek

Web saýtda ulanyljak suratlary düşürmek hyzmatyny goşmaça töleg tölemek şerti bilen biziň toparymyzdan alyp bilersiňiz

Tanyşdyryş saýtlaryny taýýarlamak üçin bahalarymyz

Standart

Kiçi göwrümli guramalar üçin, türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanylan 3 sahypalyk internet saýtyny taýýarlamak

12.600 m

PRO

Uly göwrümli guramalar üçin, türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanylan 8 sahypalyk internet saýt.

Guramalar üçin tanyşdyryş saýtlar taýýarlanylanda, her bir sahypa üçin 3,000 manat möçberinde baha kesgitlenýär.

Her bir goşulan dil üçin, umumy bahanyň üstüne +20% goşulýar.

33.600 m